Täjigistanyň Prezidenti türkmen Liderini doglan güni bilen gutlady

  • 30.06.2021 15:21
  • 4.8k+

29-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Täjigistanyň Baştutany türkmen Liderini doglan güni bilen gutlady hem-de tüýs ýürekden berk jan saglygyny, abadançylyk we Garaşsyz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmäge, halkyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet işlerinde üstünlikler arzuw etdi.
Iki ýurduň Liderleri telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwrüň anyk ýagdaýlary hem-de sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlar nazara alnyp, özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýulýan türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Taraplar ulag, nebitgaz we himiýa senagaty, elektroenergetika, oba hojalygy ulgamlarynda ägirt uly mümkinçilige eýe bolan özara bähbitli gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.


03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

30.04.2026 17:05
2.6k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......