Xiaomi hususy kinostudiýasyny döretdi

  • 29.06.2021 19:37
  • 3.8k+

Xiaomi kompaniýasy özüniň ýaýraýyş çägini giňeldýär. Öň ol ykjam gurluşlaryň bazarynda işleýän kompaniýa hökmünde tanalan bolsa, häzir ol özüni kinematograf tarapdan görkezýär. Ýakynda Weibo sosial torunda kompaniýanyň bölümçesiniň aýratyn sahypasy Xiaomi Studios peýda boldy. Bu barada www.ixbt.com habar berýär.

Bu smartfon öndüriji kompaniýa tarapyndan döredilen ilkinji we hususy kinostudiýadyr. Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň täze kinostudiýasy mazmun döretmegi öwrenmäge gönükdiriler. Kompaniýa Xiaomi Creator programmasyny hem işe girizjekdigini habar berdi. Şeýle etmek bilen, ol isleg bildirýänlere has kämil bolan döwrebap smartfonlaryň kameralaryny ulanyp, kiçiräk film düşürmekde güýçlerini barlap görmegi teklip edýär. 
Smartfon kameralary mümkinçilikleri boýunça professional kameralar bilen deňleşip bilmeýär, ýöne olar isleg bildirýänlere wideorolikleri döretmek üçin amatly warianty hödürleýärler. Xiaomi öz flagmanlarynda dürli gysga metražly filmleriň nähili döredilendigini eýýäm görkezdi. Ýakyn wagtda hytaý brendiniň birnäçe gysga metražly filmleriniň peýda bolmagyna garaşylýar. Häzirlikçe täze studiýa we Xiaomi Creator programmasy barada jikme-jik maglumatlar ýok, ýöne Xiaomi ýakyn wagtda bular barada has giňişleýin aýtmagy wada berýär.
Xiaomi önümlerine islegi ýokarlandyrmak üçin kino düşürmelerini ulanmaga başlan ilkinji kompaniýa däl. Öň, Apple kompaniýasy iPhone-da düşürilen birnäçe filmleri görkezdi. Olaryň arasynda Hytaýyň gysga metražly “Üç minut” filmi we Ermitaž barada bäş sagatlyk film bar.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...