Londonyň kortlarynda 134-nji gezek “Wimbledon” tennis ýaryşy başlaýar

  • 28.06.2021 13:19
  • 3.7k+

Möwsümiň üçünji “Uly tuwulga” ýaryşy duşenbe güni Londonyň Wimbledon şäheriniň tennis kortlarynda başlaýar. “Uly tuwulganyň” iňlis tapgyry halkara tennis senenamasynda iň gadymy bolup, şol bir wagtyň özünde iň abraýly tennis ýaryşy hasaplanýar diýip, TASS belleýär.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli, bu ýaryş geçen ýyl Ikinji jahan urşy tamamlanaly bäri ilkinji gezek geçirilmedi. Şu ýyl “Wimbledon” 134-nji gezek geçiriler.
Russiýanyň tennis federasiýasynyň prezidenti Şamil Tarpişew bu ýaryşyň esasy gyzykly ýeri serb Nowak Jokowiçiň möwsümiň üçünji “Uly tuwulga” ýaryşynda ýeňiş gazanyp biljekdiginde ýa-da däldiginde diýip hasaplaýar. Ol Awstraliýa bilen Fransiýada eýýäm ýeňiş gazandy. Jokowiç 2019-njy ýyldaky ýaryşyň ýeňijisi boldy.

“Bu "Wimbledon" ýaryşynda iki “Uly tuwulga” ýaryşyny ýeňen Jokowiçiň bu ýerde hem tapawutlanyp biljekdigi gyzyklydyr. Nowak häzirki wagtda kortda tehniki-taktiki hereketler boýunça dünýäde hemmelerden gowy oýnaýar. Şu möwsümde ol ähli esasy ýaryşlarda ýeňiji bolup biler” – diýip, Tarpişew TASS-a beren interwýusynda belledi.

“Wimbledon” 28-nji iýundan 11-nji iýul aralygynda geçiriler. Ýaryşyň baýrak gaznasy 40 mln ýewrodan gowrak bolar. Koronawirus ýokanjy bilen şertlendirilen çäklendirmeler sebäpli, ýaryşyň başlangyç tapgyrynda tomaşaçy ýerleriniň dolujylygy esasy meýdançalarda 50% we beýleki kortlarda 75% bolar. Merkezi kortdaky ýarym final we final ýaryşlaryny doly münberler bilen geçirmek meýilleşdirilýär.


18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

14.06.2026 15:15
12k+

Dünýä çempionatyndaky ilkinji oýnundan öň Angliýanyň milli ýygyndysynyň goşlary ogurlandy

Angliýanyň milli ýygyndysy ABŞ-da geçiriljek dünýä çempionatynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda sport lybaslarynyň we enjamlarynyň ogurlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Britaniýanyň «Daily Mail» gazetiniň ýazmagyna......

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....