Lebapda medeniýetiň we sungatyň baýramy

  • 27.06.2021 08:32
  • 4.9k+

27-nji iýun Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni.
Amala aşyrylýan beýik özgertmeler, yhlas siňdirilýän tutumly işler, uzak geljegi nazarlaýan aýdyň maksatlar döwrüň bereketinden we döwletli döwrandan habar berýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Karary we beýik başlangyçlary esasynda her ýyl geçirilmegi ýola goýlan Medeniýet hepdeligi bu ýyl Lebap welaýatynyň paýyna düşdi. Taryhda birnäçe ruhy-medeni galkynyşlaryň, ylmy açyşlaryň, ajaýyp sungat eserleriniň ojagy bolan gadymy Lebap topragy milli medeniýetiň bag-bakjasyndaky behişdi gözellikler, ýüregi heýjana doldurýan aýdym-mukamlar, nagşy köňle ornaýan surat we sungat eserleri, däp-dessurlarymyzdaky kämillikler bilen bu ýere myhman bolanlara gujak açdy. Bu ýerde ýerine ýetirilen her bir sahna eserinde, ýaňlanan owazda, adamlaryň bahar güli deýin ýakymly ýüz-gözlerinde bagtyýar döwrümiziň keşbini görüp bolýar.
Türkmen halkynyň medeniýeti dünýä nusgalyk. Gadymy we şöhratly ýoly geçen, durmuş tejribelerinde süzülip-süzülip, däp-dessuryň gaýmagyna öwrülen ruhy-medeni gymmatlyklarymyz diňe şu günki we geljekki nesillerimiz üçin däl, eýsem dünýäniň ähli halklary üçin hem nusga alarlyk, öwrenerlik medeniýetdir. Her bir işe döredijilikli çemeleşmek arkaly milli medeniýetiniň ösdürilmegi üçin ummasyz işleri alnyp barylýar. Bu gymmatlyklar halkara maslahatlar, festiwallar, forumlar arkaly dünýä halklaryna wagyz edilýär.
Medeniýet hepdeliginiň dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň hut özüniň gatnaşmagynda durmuş maksatly desgalaryň, binalaryň hem birnäçesi açyldy. Olaryň arasynda Kerkiniň Halkara howa menzilini, Türkmenabat şäherindäki Ak öýi mysal getirip bolar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşan bu dabarasynyň dowamynda Kerkiniň Halkara howa menziline dört harply UTAE kodunyň berlendigi baradaky ICAO-nyň resminamasy hem-de Mýunheniň Halkara howa menzili tarapyndan halkara ülňülere laýyk gurlandygy baradaky laýyklyk güwänamasy hem gowşuryldy.


08.09.2025 10:27
7.8k+

Az bulutly, maýyl hepde. Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (08.09 - 14.09)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser...

25.08.2025 07:29
11k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (25.08 - 31.08)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser...

18.08.2025 16:25
10k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (18.08 - 24.08)

Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky döwlet gullugynyň çaklamalaryna görä, awgust aýynyň 18-inden 24-i aralygyndakky hepdede ýurdumyzda üýtgäp durýan howa bolar. Käbir ýerlerde gysga wagtlaýyn ýagyşlaryň bolmagy ahmal...

15.08.2025 19:20
9.3k+

«Ýaňlan, Diýarym! ― 2025» telebäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça tapgyrynyň ýeňijisi belli boldy

13-nji awgustda Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada «Ýaňlan, Diýarym! ― 2025» telebäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça tapgyrynyň ýeňijisini saýlamak boýunça bäsleşik geçirildi...