Hytaýda uly nebit gorlary tapyldy

  • 25.06.2021 20:10
  • 6.4k+

Hytaýyň nebit ägirdi CNPC ýurtda iň uly slanes nebit goruny tapdy diýip, Lenta.ru salgylanmak bilen Day.Az habar berýär.

Onuň göwrümi milliard tonna barabar. Täze nebit meýdanlary Gansu welaýatyndaky Ordos ýatagynda agtaryldy. Hytaý Gansu welaýatynyň Sinçen etrabynda slanes nebitini agtarmak we gazyp almak boýunça uly göwrümli işlere 2019-njy ýylda girişdi. 
Hünärmenleriň pikiriçe, bu tapyş HHR-iň nebit importuna garaşlylygynyň ösüşini bes etmäge mümkinçilik berer. Häzirki wagtda Hytaý beýleki ýurtlardan import etmegiň hasabyna milli nebit sarp edilişiniň, takmynan, 70 göterimini üpjün edýär.
Slanes nebiti – bu nebitiň fraksion alnyşy talap edýän çökündi gaýalarda tapylan görnüşi. Has agyr mum görnüşli nebiti gazyp almak adaty nebiti gazyp almaklyga garanda, kyn we gymmat bolýar. Tehniki taýdan alynýan slanes nebit baýlyklarynyň dünýäde iň uly eýeleriniň arasynda ABŞ, Russiýa we Hytaý bar.


24.12.2025 14:12
19k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...

25.10.2025 14:25
6.2k+

CNPC «Galkynyş» käniniň 4-nji tapgyryny 2026-njy ýylyň başynda özleşdirmäge girişer

Hytaýyň nebitgaz korporasiýasy (CNPC), Türkmenistanyň iň iri tebigy gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegiň 4-nji tapgyryny 2026-njy ýylyň başlarynda başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2025 halkara forumynda aýtdy...

18.07.2025 06:21
5k+

Hytaýly hünärmenler HNGU-da Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça Türkmenistana iş saparyny amala aşyrdylar

Hytaý Halk Respublikasynyň Sian nebit uniwersitetiniň we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň professor-mugallymlary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Lu Ban ussahanasynyň işini ýola goýmak we ugurdaş ýokary okuw mekdepleri hökmünde özara tejribe alyşmak üçin Türkmenistana iş sapary bilen geldiler...

23.02.2025 11:08
17k+

Hytaýly burawçylar Ýeriň jümmüşine 11 km çuňluga aralaşyp, Aziýada iň çuň guýyny burawladylar

Hytaýda 10 910 metr çuňlukdaky gözleg guýusyny burawlamak işleri üstünlikli tamamlandy. Indi “1-nji belgili Tarim guýusy” Aziýada iň çuň we dünýäde çuňlugy boýunça ikinji guýudyr. Burawlama tas iki ýyllap Takla...