Uorren Baffet Bill bilen Melinda Geýtsiň gaznasynyň howandary wezipesinden gitdi

  • 29.06.2021 17:51
  • 4.7k+

Berkshire Hathaway amerikan holding kompaniýasynyň ýolbaşçysy Uorren Baffet Bill bilen Melinda Geýtsiň haýyr-sahawat gaznasynyň howandary wezipesinden gitdi. Bu barada Baffetiň beýanynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

Baffet köp ýyllaryň dowamynda eýýäm uzak wagt bäri dostlukly gatnaşyklary saklaýan Geýtsleriň gaznasynyň howandary bolandygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde ol munuň serişdelerini berýän ýeke-täk gaznadygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

“Indi men bu wezipeden, şeýle-de Berkshire-den başga ähli kompaniýalaryň ýolbaşçylygyndaky wezipelerden gidýärin” – diýip, Baffet belledi. Gaznanyň baş müdiri Mark Sýuzman onuň gelen netijesini doly goldady. “Meniň maksadym gaznanyň maksatlary bilen 100% gabat gelýär, bu maksatlara ýetmek üçin meniň fiziki barlygym hökman däl” – diýip, Baffet aýdýar.

2000-nji ýyldan bäri Bill bilen Melinda Geýts, takmynan, 50 mln dollara eýeçilik edýän haýyr-sahawat gaznasyna ýolbaşçylyk edýärler. Guramanyň esasy iş ugurlarynyň hataryna ösüp barýan ýurtlarda howply keseller bilen göreşmek, ABŞ-nyň saglygy goraýyş we bilim pudagyndaky maksatnamalar girýär. Şu ýylyň maý aýynda Bill bilen Melinda Geýtsiň aýrylyşandygy belli boldy. Ýöne muňa garamazdan, olar haýyr-sahawat gaznasynda bilelikde işlemegi dowam etdirýärler.
1965-nji ýylda Baffet bankrot bolmaga ýakyn bolan Berkshire Hathaway dokma kärhanasynyň gözegçilik paýnamasyny satyn aldy we ony dürli ugurlarda işleýän kompaniýalaryň serişdelerini dolandyrýan holdinge öwürdi. Geçen ýylyň awgust aýynda telekeçi we haýyr-sahawatçy Baffet 90 ýaşady.


13.01.2026 13:28
7.1k+

Dünýäniň iň baý 20 adamsynyň umumy baýlygy 3,8 trillion dollara ýetdi

Dünýädäki iň baý ýigrimi adamyň umumy baýlygy şu günki günde takmynan 3,8 trillion dollara barabar. Bu görkeziji dünýä döwletleriniň aglabasynyň jemi içerki önüminden (JIÖ) hem ýokarydyr. Sanawda birinji orny öňküsi ýaly Ilon Mask eýeleýär, onuň baýlygy 714,2 milliard dollar diýlip bellenildi...

11.11.2025 14:30
8.4k+

“Beýiklik pul bilen ölçenmeýär”: Baffet paýdarlara hoşlaşyk hatyny ýazdy

Belli maýadar Uorren Baffet Berkshire Hathaway kompaniýasynyň paýdarlaryna hoşlaşyk hatyny neşir etdi. Hatynda ol kompaniýanyň 1800 paýnamasyny konwertirlejekdigini we olary öz çagalarynyň haýyr-sahawat gaznalaryna berjekdigini aýtdy...

05.05.2025 00:18
3.2k+

Uorren Baffett 60 ýyldan soň, Berkshire Hathaway-iň baş direktorlygyndan çekiler

Maýadar Uorren Baffett Berkshire Hathaway kompaniýasynyň baş direktory wezipesinden çekiljekdigini mälim etdi. Ol bu barada kompaniýanyň ýyllyk paýdarlar ýygnagynda aýtdy diýip, «Reuters» agentligi habar berýär...

09.04.2025 13:08
12k+

Mask Tesla-nyň paýnamalarynyň düşmegi we Trampyň salgytlary zerarly $135 mlrd dollaryny ýitirdi

Ilon Mask, 2025-nji ýylyň başyndan bäri, takmynan, 135 mlrd dollaryny ýitirdi. «Seeking Alpha-nyň» maglumatlaryna görä, dünýäniň iň baý adamsynyň baýlygy Tesla-nyň paýnamalarynyň arzanlamagy sebäpli, 2024-nji ýylyň...