Pandemiýa garamazdan baý adamlaryň baýlygy artýar

  • 25.06.2021 11:26
  • 23k+

Geçen ýyl pandemiýa we koronawirus çökgünligine garamazdan, dünýäde dollar millionerleriniň sany 5 mln adam artdy. Olaryň umumy sany 56 milliondan gowrak bolup, taryhda ilkinji gezek dünýä ilatynyň 1%-inden geçdi. Şeýle maglumatlary Şweýsariýanyň Credit Suisse banky getirýär diýip, euronews.com belleýär.

Hasabatyň awtorlary olaryň baýlygynyň ösüşiniň pandemiýanyň döreden meselelerinden “doly derejede üzňe bolandygyny” belleýärler. Dünýäniň baý ýaşaýjylaryna koronawirus çökgünligi diňe gysga möhletleýin täsir etdi, eýýäm geçen ýylyň ahyryna çenli onuň öwezi dolunypdy.
Baýlygyň ösüşine ýardam eden esasy şertler ykdysadyýete döwletiň goldaw bermegi, göterim haklarynyň azaldylmagy we ýaşaýyş jaýlaryna bahalaryň ýokarlanmagy boldy. Täze millionerler, esasan, ABŞ-da, Awstraliýada, Hytaýda we Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesinde peýda boldy.
Beýleki ýurtlarda ýerli walýutanyň dewalwasiýasy ters netijeleri berdi, ýagny baý adamlaryň sanynyň azalmagyna we, umuman, maddy hal-ýagdaýyň peselmegine getirdi. Şweýsariýanyň bankynyň maglumatlaryna görä, Russiýada pandemiýa döwründe dollar millionerleriniň sany, 14%, 269 müň adama çenli azaldy. Ilatyň hakyky girdejisi 3% azaldy. Ýöne dollar milliarderleriniň sany artdy we olaryň umumy baýlygy hem ýokarlandy.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......