Türkmenabatda 3 müň orunlyk «Türkmeniň ak öýi» binasy açyldy

  • 25.06.2021 10:37
  • 11k+

Lebap welaýatynda Türkmenabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasy açyldy.

Şäheriň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň hem-de Alty Garlyýew köçesiniň çatrygynyň golaýynda peýda bolan bu ägirt uly durmuş-medeni maksatly desga milli Liderimiziň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda guruldy. 3 müň orunlyk bu binanyň gurluşygy  Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ajaýyp döwür” HJ-niň hünärmenleri tarapyndan amala aşyryldy.
Binada dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň akustiki ulgamlary we beýleki zerur enjamlary bilen üpjün edilen uly tomaşalar jaýy ýerleşýär. Şeýle hem bu ýerde giň eýwan, iş, edara we beýleki otaglar bar.
“Türkmeniň ak öýi” uly toplumdan ybaratdyr. Ol özüne sadaka jaýyny, dürli çäreleri geçirmek üçin niýetlenen açyk meýdançany, awtoduralgany, tehniki bölümi we beýleki desgalary birleşdirýär.
“Türkmeniň ak öýi” binasy ak öý görnüşindäki uly desga bolup, milli we halkara derejesindäki köpçülikleýin çäreleri, baýramçylyk çykyşlaryny geçirmek üçin niýetlenilendir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda gaýtalanmajak binagärligi we ýokary inženerçilik çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanyldy. Ägirt uly ak öýleriň ilkinjisi 2015-nji ýylyň noýabr aýynda Mary şäherine “Türk dünýäsiniň medeni merkezi – 2015” derejesi berilende açyldy. Ony hususy gurluşyk kärhanalary bina edip, onuň düzümine “Dolama”, “Aly bina gurluşyk” hojalyk jemgyýetleri, şeýle hem “Başlar” we “Ynamly hereket” hususy kärhanalar girýär.
“Täze jaý” hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina edilen “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” ikinji konsert-sergi toplumy 2017-nji ýylda Aşgabat şäheriniň golaýynda açyldy.
Häzirki wagtda “Röwşen” hususy kärhanasynyň hünärmenleri Balkanabat we Daşoguz şäherlerinde “Türkmeniň ak öýüni” bina edýärler.

şu gün 20:06
1.2k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

şu gün 17:05
4.4k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

şu gün 11:02
7.3k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....

şu gün 10:07
2.1k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......