Türkmenistanda haýsy atlar firma ady hökmünde berilmeýär

  • 24.06.2021 20:00
  • 33k+

Ýakynda TmCars.info sizi firma adyny almak boýunça kanuny talaplar bilen tanyşdyrypdy. Bu gezek firma adyny bermekden ýüz dönderilýän esaslar hakda durup geçeris. «Firma atlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda,

Şu aşakdaky belgiler firma atlary hökmünde berilmeýär:
1) bellige alnan ýa-da bellige almak üçin ygtyýarly edara berlen firma atlary bilen gabat gelýän ýa-da olar bilen gatyşyp gitmek derejesine çenli çalymdaş — işiň meňzeş ýa-da çalymdaş görnüşleri üçin;
2) Türkmenistanda belli bolan ylmy, edebiýat we sungat eserleriniň atlary ýa-da olaryň parçalary bilen gabat gelýän — awtorlyk hukugynyň eýesiniň ýa-da onuň oruntutarynyň razyçylygy bolmazdan;
3) Türkmenistanda belli bolan şahsyň familiýasyna gabat gelýän — onuň razyçylygy bolmazdan;
4) täjirçilik däl belli guramalaryň atlary bilen gabat gelýän ýa-da olar bilen gatyşyp gitmek derejesine çenli çalymdaş;
5) beýleki eýelik edijileriň Türkmenistanyň çäginde goralýan, söz bilen ýa-da sazlaşykly şekilde aňladylan haryt nyşanlary (ýerine ýetirilýän hyzmatyň nyşanlary), harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary bilen gabat gelýän ýa-da gatyşyp gitmek derejesine çenli çalymdaş — işiň meňzeş ýa-da çalymdaş görnüşleri babatda;
6) döwletleriň, halkara guramalaryň atlary bilen gabat gelýän ýa-da olar bilen gatyşyp gitmek derejesine çenli çalymdaş;
7) sarp edijini firma adynyň eýesi, onuň ýerleşýän ýeri (salgysy), işiň häsiýeti we görnüşi, daşary ýurtly ýuridik şahslaryň Türkmenistanyň çäginde ulanylýan we belli bolan firma atlary, haryt nyşanlary (ýerine ýetirilýän hyzmatyň nyşanlary) bilen meňzeşlik ýa-da çalymdaşlyk babatda ýalňyş pikire getirip biljek;
8) harytlaryň ýa-da hyzmatlaryň hilini, häsiýetini, sanyny, gymmatyny, olaryň öndüriliş usulyny, öndürilen ýerini we senesini görkezýän;
9) aýry-aýry harplary, sanlary, söz aňladyjy häsiýeti bolmadyk harplaryň we (ýa-da) sanlaryň sazlaşygyny aňladýan, diliň üçden az bolan aýry-aýry birlikleriniň sazlaşygyndan ybarat bolan, umumy ykrar edilen atlar (kompaniýa, assosiasiýa we beýlekiler), şeýle hem dilde ulanylýan adaty sözler (halkara, ählumumy we beýlekiler);
10) ählumumy ulanylyşa giren we özüniň tapawutlandyryjy alamatlaryny ýitiren;
11) senagatyň pudagyny ýa-da işiň görnüşini göni görkezýän;
12) harytlaryň we hyzmatlaryň gelip çykyşyny ýa-da görnüşlerini görkezýän atlar bolup durýan;
13) ahlak kadalaryna, ynsanperwerlik ýörelgelerine we jemgyýetiň bähbitlerine garşy gelýän atlar firma ady hökmünde berilmeýär.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......