Beýik Britaniýada eksportyň möçberi azalýar

  • 22.06.2021 19:28
  • 4.8k+

Beýik Britaniýadan Ýewropa Bileleşigine iberilýän azyk önümleriniňdir içgileriň möçberi şu ýylyň üç aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, takmynan, 2 esse azaldy. Bazaryň esasy söwdagärleri munuň söwda pudagy üçin oňaýsyz ýagdaýdygyny aýdýarlar. Bu barada bbc.com saýtyna salgylanyp, lenta.ru habar berýär.

Ýewropa Bileleşigine eksportyň möçberi 47 göterim azaldy. Brexit sebäpli söwda ylalaşyklaryna girizilen üýtgeşmeler hem-de koronawirus pandemiýasy onuň pese düşmeginiň esasy sebäpleridir. Bilermenler britan önüm öndürijileriniň eýýäm uly möçberde zyýana galýandygyny aýdýarlar.
2019-njy ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdirilende, peýniriň eksporty 72 göterim, balygyňky 52 göterim, şokoladyňky bolsa 37 göterim pese düşdi. Esasan-da, Beýik Britaniýa üçin uly bazar hasaplanýan Irlandiýa bilen söwda gatnaşyklary has köp ejir çekdi. Eksportyň möçberi 70 göterim azalyp, Germaniýa, Ispaniýa we Italiýa iberilýän önümleriň möçberi 2 esse aşak düşdi. Geçen onýyllyklaryň dowamynda dünýäniň beýleki döwletlerine garanyňda, Beýik Britaniýa Ýewropa Bileleşigine azyk harytlarynydyr içgileri has köp satypdy. Häzirki kynçylyklar bolsa indi ýagdaýyň üýtgändigini habar berýär. Munuň esasy sebäpleriniň biri bolsa Beýik Britaniýanyň 2020-nji ýylyň 1-nji fewralyndan Ýewropa Bileleşiginiň düzüminden çykmagy bilen baglanyşyklydyr.

düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.6k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......