Özbegistanda Täze Andijan şäheriniň düýbi tutuldy

  • 21.06.2021 20:04
  • 18k+

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Täze Andijan şäheriniň gurluşygyna baryp, ilkinji kerpiçlerini goýmak bilen, täze şäheriň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. gazeta.uz saýtynyň ýurduň Baştutanynyň metbugat gullugyna salgylanyp beren maglumatlaryny Trend agentligi ýetirýär.

Şäheriň türkiýeli hünärmenler bilen bilelikde işlenip taýýarlanan taslamasy 12-nji aprelde görkezildi. Şawkat Mirziýoýew bu gurluşygy taryhy waka diýip atlandyrdy.
Şäheriň umumy meýdany 4 müň gektara deň bolup, onuň 2 müň gektarynda ýaşaýyş jaýlary, durmuş maksatly desgalar, senagat zolaklary we hyzmat binalary gurlar. Galan 2 müň gektarynda bolsa ýurduň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça ýaşyl zolaklar dörediler.
2021 — 2041-nji ýyllarda guruljak bu şäheriň taslamasy 8 tapgyrda amala aşyrylar. Şu ýylda Täzeden dikeldiş we ösüş gaznasyndan infrastrukturalary gurmak boýunça işleriň başlangyç tapgyry üçin 100 million dollar pul serişdesi goýberiler. Taslamada 33 kilometrlik agyz suw desgalarynyň ulgamyny, 52 kilometrlik awtoulag ýoluny, 18 kilometrlik elektrik ulgamyny we 27 kilometrlik gaz geçirijini gurmak meýilleşdirilýär.
Birinji tapgyrda 3 müň 310 öýli köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 170-si, 1 müň 680 orunlyk mekdep, 385 orunlyk çagalar bagy we her günde 200 adam kabul edip bilýän saglyk öýi bina ediler. Gurluşyk döwründe hemişelik iş ýerleriniň 10 müňden gowragy, taslama tamamlanandan soňra bolsa senagat, söwda, durmuş we hyzmat ulgamlary boýunça 100 müňe golaý hemişelik iş orunlary peýda bolar.

şu gün 10:00
912

Germaniýada ilat köpçülikleýin Gün panellerinden ýüz öwrüp, kollektorlara geçýär

Germaniýada suwy gyzdyrmak we jaýlary ýylatmak üçin niýetlenen Gün kollektorlaryna bolan isleg barha artýar. Hünärmenleriň çykaran netijelerine görä, bu enjamlaryň Gün energiýasyny ýylylyga öwürmekdäki......

şu gün 00:07
2.7k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

şu gün 00:03
1.8k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
3.9k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......