«Türkmenbaşy» DTB açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüler

  • 19.06.2021 19:58
  • 16k+

«Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgedilip, ol açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüler. Bu barada wise-premýer G.Müşşikow ýurdumyzyň bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabatynyň çäklerinde habar berdi.

Türkmenistanyň Merkezi banky, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde geçirilen seljerme işleriniň netijelerine laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna degişli teklip berildi. Türkmen Lideri “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankyny açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky teklibi makullap, göz öňünde tutulýan işleri bellenen möhletde hem-de ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

düýn 19:01
953

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.1k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......