2022-nji ýylda ABŞ-da sürüjisiz taksiler peýda bolar

  • 19.06.2021 18:11
  • 16k+

Pony.ai — ABŞ-da we Hytaýda eýýäm üstünlikli işleýän startaplaryň biri. Mälim bolşy ýaly, bu kompaniýa ýollarda jemgyýetçilik üçin ulanmaga niýetlenen sürüjisiz awtoulaglary synagdan geçirip başlady. Synag geçirilýän ýer hökmünde bolsa Kaliforniýa ştaty saýlanyp alyndy. Bu barada ferra.ru habar berýär.

Habar berlişi ýaly, eger-de synaglar üstünlikli geçse, onda sürüjisiz taksiler eýýäm 2022-nji ýyldan tölegli esasda işe goýberiler. Şeýle hem «TechCrunch» Pony.ai-yň Kaliforniýada şu hili gezelençler üçin rugsat berlen ilkinji kompaniýa däldigini ýazýar. Ýeri gelende bellesek, bu ýerde baryp 2019-njy ýylda sürüjisiz Hyundai Kona elektrik krossowerleri jemgyýetçilik maksatlary üçin müşderileri gatnadyp başlapdy. Elbetde, ony dolulygyna awtomatlaşdyrylan diýip atlandyrmak bolmaz, çünki olarda ätiýaçlyk üçin hemişe adam bolupdy. Täze hyzmat bolsa dolulygyna sürüjisiz görnüşde amala aşyrylar.


şu gün 08:32
836

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

düýn 23:56
1.3k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

09.06.2026 23:04
2.8k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
3.3k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....