Ştutgartyň şäher häkimiýeti golaýda raýatlara howpsuz aralygy saklamagy ýatladýan täze enjamy synagdan geçirer. Bu barada azertag.az habar berýär.
Habar berlişi ýaly, ýörite enjam haýsydyr bir köpçülik çäresine gelen adamlara aralyk barada ýatladýan sesli duýduryş berýär. Täze enjam Saarland uniwersitetiniň ussatlary tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. Ştutgart şäheriniň häkimiýeti aralygy ölçeýän täze enjam arkaly hatda adamlar has köpçülikleýin toplananda-da, şäheriň gijeki we medeni durmuşynyň görnetin howpsuz boljakdygyny tassyklaýar.
Supermarketleriň we söwda merkezleriniň müşderileri desgalara girenlerinde hökmany ýagdaýda islendik wagtda olaryň ýerleşýän ýerini anyk kesgitlär ýaly, ýörite enjam oturdylan sebetleri ýanyna almaly bolarlar. Duýduryjy ulgam islendik wagtda sesli ýa-da yrgyldyly signal arkaly döräp biläýjek duşuşyk hakynda habar berer. Şeýle hem ol adamlaryň birek-birek bilen nähili ýakynlykda we näçe wagtlap durýandygyna gözegçilik eder.