Barmaga dakylýan kompýuter syçanjygy döredildi

  • 13.08.2023 23:43
  • 13k+

Germaniýaly işläp düzüjiler kompýuter syçanjygy ýaly işleýän, ýöne eliň aýasy bilen göni galtaşyk zerurlygy bolmadyk barmaklara dakylýan «Clip Mouse» enjamyny tanyşdyrdylar.

«Clip Mouse» süýem we orta barmaklara berkidilýär, ol gapdalyndan seredilende U harpynyň şekilindäki gysdyrgyjy ýatladýar. Onda ýerleşdirilen akselerometriň kömegi bilen ulanyja adaty syçanjykda edilýän hereketleri gaýtalamak ýeterlikdir. Netijede, syçanjyk hereketleri kesgitleýär we buýruklary Bluetooth arkaly kompýutere geçirýär.
Syçanjygyň aşaky bölegi herekete duýgurdyr, bu bolsa oňa çep ýa-da sag düwmeleriň basylýandygyny imitirlemäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem «Clip Mouse» sahypany geçirmek buýrugyna hem düşünýär. Syçanjygyň ortasyndaky tigiriň ýerine, bu hereketleri barmagyňyz bilen gaýtalamak ýeterlikdir.
Tekst ýazylanda enjamyň gyrasynda ýerleşýän düwmäni basmak arkaly syçanjyk öçürilýär. Şol düwme kursory ekranyň ortasynda merkezleşdirmek üçin hem ulanylýar.
Täze enjam litiý-ion batareýasy bilen üpjün edilendir. Işläp düzüjileriň bellemeklerine görä, adaty bolmadyk syçan bir zarýadda 50 sagada çenli işläp biler. Zarýad bermek üçin USB porty göz öňünde tutulandyr.
«Clip Mouse» 59 ýewro bahadan satylýar.


düýn 23:26
999

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.5k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....