Emirates awiakompaniýasy 2020-nji ýylda pandemiýa sebäpli 5,5 mlrd dollar ýitgi çekdi

  • 17.06.2021 11:14
  • 8.9k+

Dubaý emirliginde (Birleşen Arap Emirlikleri) ýerleşýän Ýakyn Gündogaryň iň uly awiakompaniýasy Emirates geçen ýyl koronawirus pandemiýasynyň esasynda girizilen çäklendirmeler sebäpli, 5,5 mlrd dollar ýitgi çekdi. Bu barada awiagatnadyjy tarapyndan Twitter-däki sahypasynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar. Muny TASS ýetirýär.

Onda soňky bir ýylda koronawirus bilen baglylykda gatnawlara girizilen global çäklendirmeler sebäpli, girdejiniň 66%-den gowrak azalandygy üçin arassa ýitginiň 5,5 mlrd dollar bolandygy bellenilýär. Emirates-iň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň girdejisi 8,4 mlrd dollar azaldy, ýolagçy laýnerleriniň we ýük uçarlarynyň dolujylygy 58% azaldy.
Hasabat döwründe howa menzillerinde ýerüsti hyzmatlary ýerine ýetirýän Emirates toparynyň ýitgileri 6 mlrd dollara barabar boldy. Bu soňky 30 ýylda girdejiniň iň uly azalmasydyr. Ýolagçy hereketi 88% pese gaçdy, ýük gatnawynyň göwrüminiň azalmagy bolsa 50%-den geçdi.
Awiagatnaw çäklendirmeleri we bu sebäpli ýüze çykan ýitgiler bilen baglylykda, Emirates toparyň esasy paýdary bolan Dubaý hökümetinden 3,1 mlrd dollar möçberde goşmaça serişde aldy. Muňa garamazdan, kompaniýanyň taryhynda ilkinji gezek ähli bölümçelerde diýen ýaly işgärleriň sanyny azaltmaly boldy. Netijede, ähli bölümçelerde işgärleriň umumy sany 31% azaldy.
Awiakompaniýa pandemiýa sebäpli BAE-niň howa menzilleri ýapylandan soň, şeýle-de dünýäniň iň işli halkara transport merkezleriniň biri bolan Dubaý howa menzili arkaly tranzit gatnawlarynyň bes edilmegi sebäpli, 2020-nji ýylyň mart aýynda ýolagçy gatnawlaryny birnäçe hepde togtatmaly boldy.
2019-njy ýylda gatnadyjy 288 mln dollar möçberde girdejini hasaba aldy.

 

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......