Bezos bilen kosmosa uçmak üçin orun onlarça milliona satyldy

  • 14.06.2021 22:52
  • 8.3k+

Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos bilen kosmosa uçmak üçin orun 28 million dollara satyldy. Auksion Blue Origin kosmos guramasy tarapyndan geçirildi diýip, Day.Az habar berýär.

“107 belgili adama 28 million dollara satyldy” – diýip, auksionçy auksionyň ahyrynda yglan etdi. 

Auksiona 159 ýurtdan jemi 7,6 müň töweregi adam gatnaşdy. Häzirki wagtda Bezos we onuň dogany bilen orbita uçmak mümkinçiligine kimiň eýe bolandygy mälim edilmeýär. New Shepard gämisinde kosmosa uçmak mümkinçiligini alan adamyň ady birnäçe hepdeden belli bolar diýlip çak edilýär. Şeýle-de, tiz wagtdan ekipažyň “dördünji we iň soňky” agzasynyň kim boljakdygy mälim ediler diýip, Blue Origin belledi.
Blue Origin New Shepard gämisiniň 15 synag uçuşyny geçirdi. Olaryň ählisi dolandyryjysyz režimde geçdi. Aprel aýynyň ortalarynda geçen iň soňky synag hem ekipažsyz geçdi, ýöne başlamazdan öň geljekki dolandyrylýan uçuşyň “taýýarlygy” geçirildi.


düýn 07:31
6.7k+

Jeff Bezos «milliarderler bunkerinden» 339 million dollarlyk mülk satyn aldy

Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos Floridanyň Indian-Krik adasyndan umumy bahasy takmynan 339 million dollar bolan birnäçe mülk ýeri satyn aldy. Maýami-Biç şäheriniň demirgazygynda, Biskeyn aýlagynda ýerleşip, hüşgär goralýan ada özüniň jebis ýapykdygy we ýokary derejeli howpsuzlygy sebäpli ilçilikde «milliarderleriň bunkeri» diýlibem atlandyrylýar...

02.03.2026 18:32
3.9k+

Jeff Bezos öz tehnologiýalaryndan zyýan çeken kärhanalary satyn almagy meýilleşdirýär

Direktorlar geňeşinde Jeff Bezos hem bar bolan Project Prometheus startapy emeli aňyň ornaşdyrylmagy sebäpli zyýan çeken senagat kärhanalaryny satyn almak üçin "onlarça" milliard dollar serişde toplamagy meýilleşdirýändigini yglan etdi...

13.01.2026 13:28
8.3k+

Dünýäniň iň baý 20 adamsynyň umumy baýlygy 3,8 trillion dollara ýetdi

Dünýädäki iň baý ýigrimi adamyň umumy baýlygy şu günki günde takmynan 3,8 trillion dollara barabar. Bu görkeziji dünýä döwletleriniň aglabasynyň jemi içerki önüminden (JIÖ) hem ýokarydyr. Sanawda birinji orny öňküsi ýaly Ilon Mask eýeleýär, onuň baýlygy 714,2 milliard dollar diýlip bellenildi...

03.01.2026 11:24
14k+

Bloomberg: 2025-nji ýylda iň baý adamlaryň baýlygy görlüp-eşidilmedik derejede — 2,2 trillion dollar artdy

Dünýäniň iň baý 500 adamsynyň umumy baýlygy 2025-nji ýylyň ahyryna çenli rekord derejede 2,2 trillion dollar artyp, 11,9 trillion dollara ýetdi. Bu barada milliarderleriň indeksine salgylanýan "Bloomberg" agentligi habar berýär...