Awstraliýaly Makkeon 100 m aralyga arkanlygyna ýüzmekde dünýä rekordyny goýdy

  • 14.06.2021 22:53
  • 4.5k+

Awstraliýaly türgen Keýli Makkeon Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlary üçin milli saýlama ýaryşynda 100 m aralyga arkanlygyna ýüzmekde dünýä rekordyny goýdy. Türgeniň netijesi 57,45 sekunt boldy diýip, TASS habar berýär.

Mundan öňki rekord iki gezek dünýä çempiony amerikaly Regan Smite (57,57) degişlidi.
Makkeon 19 ýaşynda, ol dünýä çempionatynda üç kümüş medal gazandy (2017, 2019), şeýle-de onuň hasabynda 2018-nji ýylyň ýaşlar Olimpiýa oýunlarynyň bir altyn, iki kümüş we bir bürünç medaly bar.
Tokiodaky Olimpiýa oýunlary 24-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda geçiriler.


21.06.2026 21:03
2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
7.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....