Ferrari-niň täze baş direktory Benedetto Winýa bolar

  • 12.06.2021 16:44
  • 4.1k+

Italiýanyň sport we ýaryş awtomobillerini öndürijisi Ferrari täze baş direktoryň bellenendigini habar berdi: 1-nji sentýabrdan bu wezipäni 52 ýaşly Benedetto Winýa eýelär. Bu barada awtokonserniň metbugat gullugy habar berdi diýip, TASS belleýär.

Winýa häzirki wagtda STMicroelectronics italýan-fransuz kompaniýasynda işleýär. Ol mikroelektromehaniki ulgamlar we datçikler bilen meşgullanýan bölümçä ýolbaşçylyk edýär. Ferrari-niň wekilleriniň bellemegine görä, işewürligiň bu ugry 2020-nji ýylda STMicroelectronics üçin has girdejili boldy.

“Ferrari-niň baş direktory bolmak – bu aýratyn hormat. Meni öňünden begenme we jogapkärçilik duýgusy gurşap alýar” – diýip, Winýa belledi. Awtokonserniň häzirki ýolbaşçysy Jon Elkann täze baş direktoryň başarnyklarynyň “ünsüňi çekiji täze eýýamda” kompaniýanyň kuwwatyny güýçlendirmäge kömek etjekdigini aýtdy.

Aprel aýynda italýan awtokonserniň wekilleri 2025-nji ýylda Ferrari-niň ilkinji elektrokaryny çykarmakçydygyny habar berdiler.


03.04.2026 14:50
3.3k+

0,4 sekuntlyk dawa «Mercedes» toparyny meselä uçradyp biler

Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) «Ferrari» toparynyň şikaýatyndan soňra, Formula-1-de bäsleşýän «Mercedes» bolidini barlagdan geçirer. Bu barada AutoRacer neşiri habar berýär....

01.04.2026 16:47
3.3k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

24.03.2026 09:33
2.4k+

Seýrek duş gelýän Ferrari FXX K giperkary €5 mln baha bilen auksionda satylar

RM Sotheby's 2018-nji ýyldaky Ferrari FXX K giperkaryny auksionda satmagy meýilleşdirýär. Awtoulagyň deslapky satuw bahasy 5,2–5,7 million ýewro aralygynda kesgitlenýär. Bu awtoulaglardan diňe 40 sanysy öndürilipdir...

16.03.2026 09:53
2.6k+

Mazda Ferrari-niň ilkinji elektromobiliniň çykarylmagyna päsgel bermek bilen haýbat atýar

Mazda kompaniýasy Ferrari-niň özüniňki bilen adybir elektromobilini çykarmak meýilnamasyny yglan edeninden bary-ýogy bir aý soň, «Luce» haryt nyşanyny hasaba aldyrmak üçin arza berdi. Bu barada Awstraliýanyň «Carexpert» neşiri habar berdi...