Germaniýada sanly sanjymlaşdyrma sertifikaty girizildi

  • 10.06.2021 23:45
  • 3.2k+

Germaniýada 10-njy iýundan sanly sanjymlaşdyrma sertifikaty hereket edip başlady. Bu barada žurnalistlere Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň wekili habar berdi diýip, TASS ýetirýär.

«Sanjymlaşdyrmanyň sanly pasporty indi yzygiderli ýaýradylar we mobil goşundy ýaly elýeterli bolar» diýip, GFR-iň Saglygy goraýyş ministrliginiň wekili aýdýar.

Ilkibaşda Germaniýa sanly sanjym pasportlaryny 14-nji iýundan girizmekligi meýilleşdiripdi. Doly sanjym alan ýaşaýjylar bu mobil goşundyny restoranlara, medeni we beýleki çärelere baranlarynda ulanyp bilerler.
Germaniýada koronawirusa garşy sanjymlaşdyrma işi dekabryň ahyrynda başlandy. Ilkinji bolup uly ýaşly raýatlar, lukmanlar, lukmançylyk ulgamyna degişli işgärler we beýleki möhüm durmuş maksatly işgärler sanjym aldy. Häzirki wagta çenli nemesleriň 38,6 milliony, ýagny ilatyň 46,5 göterimi birinji gezek sanjym etdirdi. 19 milliony bolsa dolulygyna sanjymdan geçdi. Sanjymlaşdyrma üçin BioNTech we Pfizer konsorsiumy, Moderna, AstraZeneca hem-de Johnson & Johnson (J&J) kompaniýalary tarapyndan öndürilen sanjymlar ulanylýar.


10.05.2026 18:46
4.2k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

15.04.2026 17:32
3k+

Alymlar Alsgeýmer keseliniň irki alamatyny anykladylar. Bu - ys duýmagyň ýitmegi

Ys duýuşyň peselmegi, entek ýatkeşlik bilen bagly mesele döremezden öň hem, Alsgeýmer keseliniň ilkinji alamatlarynyň biri bolup biler. Bu Germaniýanyň Neýrodegeneratiw keselleri öwreniş merkeziniň we......

26.01.2026 12:25
4k+

Mýunhende Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna goşant goşan nemes lukmanlar sylaglandy

Mýunhende germaniýaly lukmanlaryň Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge goşan goşantlaryna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Ol şäheriň taryhy «Baýrişer Hof» otelinde boldy. Bu çäre ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy...

05.12.2025 17:46
4.8k+

Germaniýanyň Geýdelberg klinikasynyň professory türkmen lukmanlary bilen tejribe alyşýar

Germaniýanyň Geýdelberg uniwersitet klinikasynyň professory Arianeb Mehrabi türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşmak üçin Türkmenistanda iş saparynda bolýar. Dünýä belli klinikanyň lukmany Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasyna baryp gördi we ol ýerde böwregi transplantasiýa edilen näsaglary lukmançylyk barlagyndan geçirdi...