Bedene günde näçe mukdarda duz gerek?

  • 07.06.2021 21:56
  • 18k+

Köp mukdardaky duz ýürek-damar ulgamyna zyýan ýetirýär, ýöne aşa ýuwan naharlar hem bedene kän bir peýda bermeýär. Bu barada lukman-dietolog, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Irina Berežnaýa Sputnik radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Eger duz artykmaçlyk etse, gan basyş ýokarlanýar, tersine ýetmezçilik etse, peselýär. Bedende duz ýetmezçiligi ysgynsyzlyk, başyň aýlanmagy we iýmit siňdiriş ulgamyndaky meseleler bilen häsiýetlendirilýär. Şoňa görä-de, lukman duz ulanylanda, onuň kadaly ölçegini saklamagy maslahat berýär. Uly adamyň her günki normasy — 7 gram.
Lukmanyň aýdyşy ýaly, adamyň duzuň haýsy görnüşini ulanýandygy hem uly orun tutýar. Ýodlaşdyrylan duz adaty duza garanyňda, has peýdalydyr. Muňa garamazdan, açyk howada duz çalt bugarýar, şonuň üçin ol öz alamatlaryny tiz ýitirýär. Şol sebäpli hünärmen deňiz duzuny ulanmagy maslahat berýär.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......