Geçen hepde Türkmenistanyň biržasynda 9 sany geleşik baglaşyldy

  • 07.06.2021 08:49
  • 7.1k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystanyň, Maltanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen EKO-93 kysymly awtobenzini, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýlyny satyn aldylar.
Bulardan başga-da, gazagystanly, gyrgyzystanly telekeçiler daşary ýurt puluna  gazbeton böleklerini we boýalan tüýjümek önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 807 müň dollaryndan gowrak boldy.
Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri bahasy 10 million 250 müň manatlyk nah ýüplügini satyn aldylar.

düýn 19:38
2.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.5k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......