Ýewropada ýetginjeklere-de sanjym edilip başlady

  • 05.06.2021 19:32
  • 3.3k+

«Ýewropa ýetginjeklere sanjym etmäge girişýär. Maý aýynyň ahyrynda Derman serişdeleriniň Ýewropa agentligi tarapyndan 12 ýaşdan başlap Pfizer/BioNTech sanjymyny ulanmaga rugsat berildi. 1-nji iýundan bolsa Italiýada we Rumyniýada ýetginjeklere sanjym edilip başlady» — diýip, euronews.com habar berýär.

Fransiýada ýetginjekler ene-atalarynyň rugsady bilen 15-nji iýundan başlap sanjym alyp bilerler — diýip, ýurduň Prezidenti Emmanuel Makron aýtdy. Ýurduň saglygy goraýyş ministri Oliwýe Weranyň sözlerine görä, kämillik ýaşyna ýetmediklere sanjym etmek hökmany däl, ýöne ol toparlaýyn immuniteti kemala getirmäge ýardam edip biler. Häzir Fransiýada koronawirusa garşy sanjymlar meşhurlyga eýe bolýar. Fransuzlaryň uly ýaşlylarynyň her ikinjisi eýýäm sanjymyň birinji dozasyny kabul etdi.
Ýöne ýetginjekleri sanjym etmegiň zerurlygy meselesi köp ýurtlarda, şol sanda Rumyniýada şübhelenme döredýär. «Meniň pikirimçe, koronawirus ýokanjy çagalar üçin o diýen howply däl. Şonuň üçin-de olara sanjym etmek möhüm däl. Ene-atalar edil ululara bolşy ýaly, sanjymlaryň çagalar üçin hem howpsuzdygyny bilmekleri zerur. 12-15 ýaş aralygyndaky ýetginjekler üçin sanjymlaryň netijeliligi — 100 göterim. Ýönekeýleşdirip aýtsak, sanjymdan soň olar kesellemez» — diýip, lukman Sandra Aleksiu düşündirýär.


23.05.2025 12:05
1.9k+

BSGG üç ýyl çekeleşmeden soň pandemiýalar bilen göreş şertnamasyny kabul etdi

Ženewada geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda BSGG-niň pandemiýalar bilen göreşmek boýunça şertnamasy kabul edildi. Bu resminama babatynda maslahatlar COVID-19 pandemiýasynyň güýjän döwründe başlap, üç ýyl dowam etdi...

20.03.2025 12:22
4.6k+

COVID-19-a garşy derman howply Ebola gyzdyrmasy bilen göreşde netijeliligi görkezdi

Amerikaly alymlar Ebola gyzdyrmasyny bejermegiň täze usulyny ilkinji gezek üstünlikli synagdan geçirdi. Science Advances (SciAdv) žurnalynyň maglumatlaryna görä, Tehas uniwersitetiniň ylmy gözlegçilerine kesel...

13.03.2025 06:25
5.2k+

Britaniýaly hirurglar kowidden soňky kesel alamatly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltdiler

Londonyň Uniwersitet kollejiniň hassahanalarynyň (UCLH) hirurglary kowidden galan sindromly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltmegiň usulyny tapdylar. Synag Facial Plactic Surgery žurnalynda çap...

02.12.2024 23:30
2.9k+

BSGG-niň Ýewropa sebit wekilligi Türkmenistanda saparda boldy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit wekilligi saglyk pudagynda täsirli sanly aragatnaşyk endiklerini güýçlendirmek üçin Türkmenistanda saparda boldular. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron...