Türkmenistanda howanyň gyzmagy sebäpli goşmaça howpsuzlyk çäreleri görler

  • 04.06.2021 16:55
  • 37k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde tomsuň gelmegi bilen howanyň gyzmagy we meýdan otlarynyň guramagy sebäpli tebigatda ýangyn döremegiň mümkindigini nazara alyp, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany tomus möwsüminiň gelmegi bilen howanyň gyzýandygyny, onuň bolsa adam saglygyna ýaramaz täsiriniň bardygyny belledi. Adam bedeninde teşneligiň artmagy onuň umumy saglyk ýagdaýyna täsirini ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, şahsy düzümleriň arasynda düşündiriş çäreleriniň yzygiderli geçirilmeginiň wajypdygy bellenildi.
Şol bir wagtyň özünde elektrik geçirijilerde ýangynyň ýüze çykmak mümkinçiliklerini nazara alyp, ilatly ýerlerde ýangyn howpsuzlygy düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik güýçlendirilmelidir diýip döwlet Baştutany belledi.


düýn 10:07
2.3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.2k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

06.06.2026 11:47
8.5k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

03.06.2026 18:04
2.3k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....