Ýaponiýada erkeklere çaga doglandygy üçin rugsat berilmesi ýeňilleşdirilýär

  • 04.06.2021 08:58
  • 20k+

TASS agentligi Ýaponiýada erkeklere çaganyň dogulmagy bilen bagly rugsada (dekret) çykmagy ýeňilleşdirýän kanunçylyga üýtgeşmeleriň giriziljekdigini habar berýär. Täze kanunçylyk kadalary 2022-nji ýylyň aprelinde güýje girer.

Oňa laýyklykda, iş beriji işgäri işe alanda, onuň çaga dogulmak bilen bagly rugsada çykmak hakynda meýilnamalaryny bilmeli, şeýle-de täze doglan çaga ideg etmek bilen baglylykda, erkekler üçin hem 4 hepdelik dynç alşy üpjün etmeli.
Ýaponiýada aýallar bilen birlikde, erkekler hem çaga dogulmagy bilen bagly bir ýyllyk rugsada çykyp bilýärler. Ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna görä, rugsadyň bu görnüşini aýallaryň 83, erkekleriň bolsa bary-ýogy 7 göterimi alýar. Aýtmaklaryna görä, ýapon erkekleriniň köpüsi bu mümkinçilikden peýdalanmakdan utanýarlar.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň martynda Irlandiýanyň adalat ministri Helen Makentä çaga dogulmak bilen bagly 5 aýlyk rugsada çykmaga rugsat berildi. Ýurduň Konstitusiýasynda syýasatçy zenanlara şeýle rugsada çykmaga rugsat berilmeýändigine garamazdan, häzir ol bu mümkinçilikden peýdalanýar.

düýn 23:54
824

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
878

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
677

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

düýn 20:40
1.5k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....