Amerikan milliarderi dollaryň ornuny tutjak walýutany aýtdy

  • 03.06.2021 13:17
  • 56k+

Bridgewater hej-gaznasyny esaslandyryjy, amerikan milliarderi Reý Dalio CNBC teleýaýlymy bilen söhbetdeşlikde hytaý ýuanynyň dünýä söwdasynda iň köp ulanylýan walýutalaryň birine öwrüljekdigini aýtdy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Hususan-da, ol Hytaýyň resmi sanly walýutasyna ünsi çekdi: telekeçiniň pikiriçe, ol özüniň amerikan ekwiwalentine garanda, ýaşamaga has ukyply bolar.

“Men geljekde adamlaryň walýutalary özleri saýlar we bäsleşmäge has ukyplylar has berk ykdysady binýady bolan walýutalar bolar diýip pikir edýärin. Köp ýurtlar üçin bu howp bolar” – diýip, Dalio sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýagny, onuň pikiriçe, ABŞ-nyň ykdysadyýeti diňe bir hytaý walýutasynyň güýçlenmegi sebäpli däl-de, eýsem, içerki meseleleriň netijesinde howp astynda bolup biler.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......