Türkmenistanyň Prezidenti Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine bardy

  • 02.06.2021 14:29
  • 24k+

1-nji iýunda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde guralan dabaraly çärä gatnaşdy.

Türkmen Lideri merkeziň çagalaryň ösüşi we irki dikeldiş bölümine, logoped lukmanyň iş otagyna, kardiohirurgiýa otagyna baryp gördi. Ol ýerlerde çagalar, olaryň ejeleri bilen gürrüňdeş bolup, hal-ýagdaýlary, bejerişiň berýän netijeleri barada gyzyklandy.
Şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kristina Weýgand bilen söhbetdeş boldy. Onuň dowamynda dürli keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändigi bellenildi.
Şol gün Gurbanguly Berdimuhamedow Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziň mejlisler zalynda Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahaty geçirdi.
Merkezde bejergi alýan çagalaryň ählisine şol gün Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.


03.05.2026 14:32
14k+

Arkadag şäherinde bilim alýanlar üçin birnäçe talyp haklary giriziler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň......

03.05.2026 13:49
6.9k+

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda 4284 maşgala üçin ýaşaýyş jaýlary gurlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet......

03.05.2026 13:30
1.4k+

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Bakuda Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň mejlisine gatnaşar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we......

22.04.2026 14:54
3.6k+

Bedew baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde täze jaýlaryň açarlary gowşurylar

Arkadag şäherinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna işjeň taýýarlyk görülýär. Bu baýram mynasybetli şäher ilatyna täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak meýilleşdirilýär diýip, häkim......