Akwariumdaky balyklaryň saglyga peýdasy

  • 01.06.2021 16:29
  • 12k+

Suwasty dünýäni synlamaklyk adamlaryň saglygyna we maşgaladaky özara gatnaşyklara oňaýly täsir edýär. Bu barada «Izwestiýa» gazetine salgylanyp, «Mir24»  habar berýär.

Psihologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Alekseý Melehiniň aýtmagyna görä, operasiýadan ýa-da lukmanyň ýanyna barylmazdan öň akwariuma seretmek gorkudan we howsalalykdan baş alyp çykmaga kömek edip biler.
Balyklary synlamak demensiýaly hassalara — newrologik we psihologik alamatlary bolan adamlarda duýgulary gowulandyrmaga, gahar-gazaby azaltmaga we käbir bozulmalaryň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Öýde akwariumyň bolmagy mekdep okuwçylarynda we talyplarda özüne bolan ynamy döredip, howsalalygy ýeňip geçmäge hem-de mugallymlar bilen özüni rahat alyp barmaga kömek edýär. Şeýle hem balyklar psihiki taýdan rahatlyk berip, gatnaşyklary berkitmäge, ýekelikden halas bolmaga we dartgynlylygyň alamatlaryny ýeňip geçmäge ýardam berýär.
Psihoanalitigiň bellemegine görä, jandarlaryň islendigi bilen «gürrüňdeş bolmak» saglyga oňaýly täsir edýär: arterial gan basyş peselýär, ýürek-damar keselleriň döremek töwekgelçiligi we ölüm hadysasy azalýar, çünki öý haýwanlarynyň eýeleri öz söýgüli jandarlary üçin jogapkärçiligi duýmak bilen, öz geljegi hakynda aladalanyp başlaýar. 

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......