BSGG: pandemiýa döwründe çilimkeşligi taşlamak isleýänler köpeldi

  • 01.06.2021 16:13
  • 11k+

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň bilermenleri çilimden el çekmegiň oňaýly taraplary we bu babatda nädip özüňe kömek bermek barada maslahatlary berýär. Sebäbi häzir Ýer ýüzüniň 780 million ilaty çilimkeşligi taşlamak isleýär, ýöne ol o diýen aňsat hem däl. Çünki çilim çekmek güýçli fiziki we psihologik baglylyga getirýär. Bu barada BMG-niň täzelikler saýty habar berýär.

COVID-19 bilen kesellemegi agyr geçirmekde çilim çekmegiň örän ýiti täsiriniň bardygyna göz ýetirip, pandemiýa döwründe millionlarça adam bu endikden azat bolmak isledi. Şonuň bilen birlikde, ykdysady, durmuş we psihologik kynçylyklar goşmaça dargynlylyk döredip, köpler ony çilim bilen ýeňip geçmegi endige öwürdiler. Adamlaryň 30 göterimi bolsa ony nädip taşlamagyň ýoluny bilmeýär we bu ugurda degişli goldawa mätäçlik çekýär. BSGG-niň esasy maksady bolsa adamlara bar bolan serişdeleri we gorlary elýeterli etmekdir.
Häzirki wagtda çilimkeşligiň zyýany barada bilmeýän ýokdur: temmäkiniň ulanylmagy her ýylda 8 million adamyň aradan çykmagyna sebäp bolup, 1,4 trillion dollar möçberde ykdysady zyýan ýetirýär. Ýöne nikotin arkaly zeperlenen bedeniň bu zyýanly endik taşlanandan soň tiz dikelip başlaýandygyndan köpimiz habarsyz. Adamlaryň diňe 4-7 göterimine daşyndan kömek bolmazdan, bu endikden el çekmek başardýar. Şonuň üçin-de BSSG ýurtlara çilimkeşlige garşy düzümleýin, maliýe taýdan üpjün edilen, elýeterli maksatnamalary işläp taýýarlamaga çagyryş bilen çykyş edýär.


23.05.2025 12:05
2k+

BSGG üç ýyl çekeleşmeden soň pandemiýalar bilen göreş şertnamasyny kabul etdi

Ženewada geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda BSGG-niň pandemiýalar bilen göreşmek boýunça şertnamasy kabul edildi. Bu resminama babatynda maslahatlar COVID-19 pandemiýasynyň güýjän döwründe başlap, üç ýyl dowam etdi...

20.03.2025 12:22
4.6k+

COVID-19-a garşy derman howply Ebola gyzdyrmasy bilen göreşde netijeliligi görkezdi

Amerikaly alymlar Ebola gyzdyrmasyny bejermegiň täze usulyny ilkinji gezek üstünlikli synagdan geçirdi. Science Advances (SciAdv) žurnalynyň maglumatlaryna görä, Tehas uniwersitetiniň ylmy gözlegçilerine kesel...

13.03.2025 06:25
5.2k+

Britaniýaly hirurglar kowidden soňky kesel alamatly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltdiler

Londonyň Uniwersitet kollejiniň hassahanalarynyň (UCLH) hirurglary kowidden galan sindromly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltmegiň usulyny tapdylar. Synag Facial Plactic Surgery žurnalynda çap...

10.05.2024 13:28
4.8k+

AstraZeneca “islegiň pesligi” sebäpli COVID-19-a garşy sanjymyny satuwdan aýyrýar

Britan-şwed farmasewtik kompaniýasy AstraZeneca COVID-19-a garşy Vaxzevria sanjymyny tutuş dünýä boýunça yzyna gaýtarýandygyny mälim etdi. Kompaniýa bu çözgüdi resmi taýdan islegiň ýoklugy bilen düşündirdi diýip...