Serdar Berdimuhamedow ýapon tarapy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny maslahatlaşdy

  • 31.05.2021 20:51
  • 13k+

31-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň türkmen böleginiň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň ýapon böleginiň başlygy, Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Tsubai bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň saýtynyň habar berşi ýaly, duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berdiler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki özara saparlaryň ähmiýeti bellenildi.
Gepleşigiň dowamynda iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda amala aşyrylýan taslamalara syn berildi, şeýle-de nebitgaz, gazhimiýa we gaýtadan işleýän senagat pudaklaryndaky, ulag we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna seredildi.
Taraplar özara hormat goýmaga, gyzyklanmalara we deňhukuklylyga esaslanýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeliligini bellediler. Şu nukdaýnazardan, ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda üstünlikli amala aşyrylýan taslamalar, hususan-da, Mary şäherindäki ammiak we karbamid öndürýän zawody, Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa toplumy, Garabogazda karbamid öndürýän zawody, Türkmenistanyň Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän (GTG) zawody barada bellenilip geçildi. Lebap welaýatynda döwrebap gaz turbinaly elektrostansiýasynyň gurluşygynyň dowam edýändigi barada aýdyldy.
Taraplar dünýädäki häzirki ykdysady ýagdaýlary göz öňünde tutmak bilen, öňdebaryjy maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlykda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça edilmeli indiki işleri ara alyp maslahatlaşdylar.

şu gün 10:36
1k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» parlamentara forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 30-31-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji parlamentara hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy. Bu barada Mejlisiň......

şu gün 07:55
7.4k+

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi 2026-njy ýylyň üç aýynyň iş jemlerini jemledi

1-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda harby we hukuk......

düýn 21:48
1.4k+

«Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň 5-nji mejlisi geçirildi

31-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň bäşinji mejlisi geçirildi. Duşuşyga hökümet agzalary, ministrlikleriň we......

düýn 19:38
5.4k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......