Türkmenistanyň Prezidenti «Mir» teleradiokompaniýasyna eksklýuziw interwýu berdi

  • 31.05.2021 20:12
  • 26k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji gezek «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasyna eksklýuziw interwýu berdi. Teleradiokompaniýanyň başlygy Radik Batyrşin bilen bolan söhbetdeşligiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we Ýewraziýa Ykdysady bileleşiginiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň geljegi, ýurduň bitaraplyk derejesi hem-de koronawirus ýokanjyna garşy göreş hakynda gürrüň berdi. Söhbetdeşligiň doly görnüşi bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkalaşygyň esasy ýörelgeleriniň üýtgewsizligine ýokary baha berýändigini aýtmak bilen, «Şol bir wagtyň özünde, üýtgeýän dünýä hakykatlary GDA-dan özara gatnaşyklaryň täze koordinatlaryny gurup, öz wagtynda we ýeterlik jogap bermegi talap edýär. Ilki bilen bu ykdysady gurşawa degişlidir» diýip belledi. Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygy hem söhbetdeşligiň esasy temalarynyň biri boldy. Şeýle hem türkmen Lideri Covid-19-yň ýurduň çägine aralaşmagyna we ýaýramagyna garşy Türkmenistanyň durmuşa geçiren çäreleri hakynda gürrüň berdi.
Söhbetdeşligiň doly görnüşine şu gün 17:10-da «Mir 24» we 19:10-da «Mir» teleýaýlymynda tomaşa edip bilersiňiz.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....