Futbol klublary pandemiýa sebäpli rekord derejede ýitgä sezewar bolýarlar

  • 29.05.2021 22:24
  • 8.7k+

Ýewropanyň öňdebaryjy futbol klublarynyň 32-si 6 mlrd ýewrodan gowrak gymmatyny ýitirdi. Şeýle maglumatlar KPMG auditoriýa kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär. Munuň sebäbi pandemiýa bolmak bilen, ol köp oýunlaryň ýatyrylmagyna ýa-da tomaşaçysyz geçirilmegine getirdi. Netijede, köp ýyllyk yzygiderli ösüşden soň bahanyň 15% pese gaçyşy ýüze çykdy diýip, ru.euronews.com habar berýär.

Şeýle-de bolsa, hünärmenleriň pikiriçe, ýagdaý düzelip biler, sebäbi klublar geljekde ýene gülläp ösmek üçin ýeterlik derejede güýçli diýip, sport ykdysatçysy Ferens Denes hasaplaýar:

- Zyýan ýetendigi şübhesizdir, ýöne gürrüň tendensiýanyň üýtgemegi barada däl. Ýakyn wagtda ýagdaýlar üýtgär we ýokary diwiziondaky ýewropa futboly pandemiýadan öňki derejesine gaýdyp geler diýip pikir edýärin. Soň bolsa näme boljakdygyny göreris. Meniň pikirimçe, ösüş dowam eder.

“Real Madrid” “Barselonadan” we “Mançester Ýunaýtedden” öňe geçip, eýýäm yzygider üçünji ýyl Ýewropanyň iň gymmatly futbol kluby bolmagynda galýar. Geçen ýyl bu toparlaryň her biriniň gymmaty üç mlrd ýewrodan geçýärdi, indi ol bu görkezijiden aşak düşdi.
Çempionlar ligasyna çykan “Mançester Siti” we “Çelsi” altynjy we ýedinji orny eýeleýärler. Iň gowy 32 klubuň diňe ýedisi arassa girdeji gazandy. Bir ýyl öň olar 20 sanydy. Geçen möwsümde iň gowy on klubuň girdejisi 32 klubuň umumy girdejisiniň tas 60%-ni emele getirdi, şol bir wagtyň özünde umumy ýitginiň üçden bir bölegi olaryň paýyna düşdi.


09.06.2026 12:01
1.7k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
3.1k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......

30.05.2026 08:05
3.4k+

Burberry brendi täze mahabat kampaniýasyny futbol medeniýetine bagyşlady

Britaniýanyň «Burberry» brendi 2026-njy ýylyň güýz-gyş möwsümi üçin futbol we janköýerleriň medeniýetinden ylham alan «A Good Sport» atly kampaniýasyny hödürledi....

01.04.2026 19:33
5.7k+

«Galatasaraý» tutuş Türkiýe boýunça kafe ulgamyny açmagy meýilleşdirýär

«Galatasaraý» futbol kluby täze girdeji çeşmesini — «GS Store Cafe» brendi bilen kafeler ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Taslama françaýzing modeli boýunça ösdüriler we Türkiýäniň ähli çäklerini öz......