Berhiz lukmany yssy howada haýsy iýmitleriň has peýdalydygyny aýtdy

  • 27.05.2021 14:00
  • 18k+

Berhiz lukmany Marina Apletaýewa yssy howada iýmek üçin peýdaly iýmitler hakynda belläp geçdi.  Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Bu ýerde, hususan-da, gök we süýt önümleri, şeýle hem dürli miweler göz öňünde tutulýar. Howa has-da gyzyp başlan ýagdaýynda ýagly iýmitlerden ýüz öwreniňden gowusy ýok diýip, lukman "Radio-1"-e beren interwýusynda nygtap geçdi. Käte beden ýagly iýmitleri özleşdirmek üçin köp mukdarda iýmit siňdiriş fermentlerini talap edýär. Şonda dorak, ýagny tworog ýaly süýtden edilen önümler beden üçin belok çeşmesi bolup hyzmat edýärler.
Mundan başga-da, Apletaýewa yssy howada doňuz we sygyr etini siňdirmegiň bedene has kyn düşýändigini duýdurdy. Şeýle hem çorba, guş we balyk etiniň aňsat siňdirilýändigini belledi.

düýn 17:46
1.5k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

düýn 15:54
2.7k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
4.8k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
5k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......