1-nji iýundan Türkmenistanda ýolagçy otly gatnawlarynyň sany artar

  • 25.05.2021 21:32
  • 55k+

1-nji iýundan başlap Türkmenistanda synag hökmünde hepdäniň penşenbe we şenbe günleri Türkmenabat–Gazojak we Gazojak–Türkmenabat, Türkmenabat–Amyderýa we Amyderýa–Türkmenabat, Mary–Serhetabat we Serhetabat–Mary ugurlary boýunça ýolagçy otly gatnawlary ýola goýlar. Bu barada «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, synag gatnawlary häzirki wagtda dünýäde ýaýran COVID-19 ýokanjynyň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak üçin bildirilýän talaplara laýyklykda amala aşyrylar.
“Demirýollary” AGPJ-i hepdäniň çarşenbe we anna günleri Aşgabat–Mary–Türkmenabat, penşenbe we şenbe günleri Türkmenabat–Mary–Aşgabat, Aşgabat–Daşoguz ugry boýunça ýekşenbe güni, Daşoguz–Aşgabat ugry boýunça duşenbe güni öň ýola goýlan ýolagçy otly gatnawlarynyň amala aşyrylmagyny dowam etdirer.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gitjek raýatlar üçin şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap her gün Aşgabat–Türkmenbaşy–Aşgabat ugry boýunça ýörite ýolagçy otly gatnawlarynyň ýola goýulmagy meýilleşdirilýär.


şu gün 10:07
1.1k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

düýn 14:40
1.9k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

düýn 11:47
7.4k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

03.06.2026 18:04
2.3k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....