1-nji iýundan başlap her gün Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ýörite ýolagçy otly gatnawy ýola goýlar

  • 15.05.2021 14:07
  • 50k+

Tomus dynç alyş möwsüminde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň meýilleşdirilýän tertibine laýyklykda, welaýatlardan we Aşgabat şäherinden dynç almaga gitjek raýatlarymyzy demir ýol ulagynda şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap her gün Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça ýörite ýolagçy otly gatnawlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Bu barada «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradow ýolbaşçylyk edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça görülýän çäreler barada hasabatynyň çäklerinde döwlet Baştutanyna habar berdi.
Demir ýol ulgamynda ýolagçylar gatnadylanda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärleri bilen bilelikde, ýolagçy wagonlarynda we demir ýol menzilleriniň binalarynda hem-de beýleki ýerlerde gündelik arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işleri yzygiderli geçirilýär.
«Türkmendemirýollary» agentliginiň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Kerwen» sagaldyş dynç alyş merkezi tomus möwsüminde raýatlarymyzy kabul etmek üçin doly taýýar edildi.

şu gün 00:07
935

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

şu gün 00:03
669

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
1.3k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

düýn 23:53
996

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....