Samsung eplenýän smartfonlaryň satuwy boýunça rekord goýmagy maksat edinýär

  • 24.05.2021 22:01
  • 9k+

Günorta Koreýanyň Samsung elektronika öndürijisi şu ýyl üçin öz öňünde ägirt uly meýilnamalary goýdy, ýagny kompaniýa maýyşgak smartfonlaryň satuwy boýunça rekord goýmagy maksat edinýär. Bu barada pepelac.news belläp geçýär.

Kompaniýa ýylyň ahyryna çenli şeýle enjamlaryň 6 – 7 millionyny satmagy meýilleşdirýär, bu 2020-nji ýyldakydan 2,4 – 2,8 esse köpdür.
Şu ýylyň tomsunda Samsung-yň Galaxy Fold-yň üçünji nesil we Galaxy Flip-iň ikinji nesil smartfonuny köpçülige hödürlemegine garaşylýar. Öndüriji özüniň eplenýän smartfon hatarynyň 3,5 – 4 million nusga bilen ýaýradylmaly bolan kiçi modeline has uly ynam bildirýär.
Hünärmenleriň bellemegine görä, hakykatda Samsung, takmynan, 3 mln eplenýän gurluşy satmagy başarar. Geçen ýyl bu görkeziji 2,5 million birlik boldy, öndüriji bolsa 4,5 – 5 mln smartfon satmagy göz öňünde tutupdy.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......