Google tomusda ilkinji ownuk söwda dükanyny açar

  • 23.05.2021 14:42
  • 7.2k+

Google kompaniýasy tomusda Nýu-Ýorkda öz önümleriniň ownuk söwdasy üçin ilkinji dükanyny açar. Bu barada kompaniýanyň metbugat relizinde habar berilýär diýip, TASS belleýär.

“Çelsi etrabyndaky täze Google Store alyjylaryň biziň enjamlarymyza we hyzmatlarymyza mynasyp baha berip biljek ýeri bolar” – diýlip, habarda aýdylýar.

Bu dükanda Pixel smartfonlary, Nest displeýleri, Fitbit gurluşy, Pixelbook elektron kitaplary ýaly Google önümleriniň giň toplumy hödürlener. Şeýle-de, alyjylar onlaýn söwda edip, harytlaryny Google Store-de alyp bilerler.

“Biz fiziki söwda meýdançalarynyň mümkinçiliklerini öwrenmegi we tejribe geçirmegi hem-de alnan tejribelere esaslanmagy dowam etdirip biler ýaly, müşderilerimiz bilen duşuşmaga we olaryň dükan baradaky garaýyşlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” – diýlip, kompaniýanyň metbugat relizinde görkezilýär. 

Google internetdäki taslamalara we hyzmatlara ýöriteleşýär, ol häzirki wagtda Alphabet Inc. holdinginiň bölünip aýrylan kompaniýasydyr.

düýn 20:25
1.9k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......