Xiaomi 12 ýurt boýunça smartfon satuwynda öňdebaryjy boldy

  • 20.05.2021 18:13
  • 7.8k+

Xiaomi kompaniýasy 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde 12 dürli ýurt boýunça smartfon bazarynda öňdebaryjy boldy. Bu barada kompaniýanyň wekillerine salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

"Redmi"-niň başlygy Liu Weibingiň Hytaýyň "Weibo" sosial ulgamynda habar berşi ýaly, “Xiaomi”-niň köp satylan ýurtlarynyň arasynda Ispaniýa, Hindistan, Horwatiýa, Polşa, Belarus, Ukraina, Litwa, Malaýziýa, Nepal, Russiýa, Mýanma we Kolumbiýa bar.
Şeýle hem bu kompaniýa özüniň Ýewropa bazaryndaky paýynyň hem barha artýandygyny mälim etdi. Ýagny "Xiaomi" ilkinji gezek Ýewropanyň smartfon bazarynda ikinji orna çykyp gördi diýip, çeşme habar berdi.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......