Magnit hadysasy wagty­nda özüňi nähili alyp­ barmaly?

  • 16.05.2021 15:51
  • 24k+

Magnit hadysasy - how­anyň ýagdaýyna garaşl­y adamlar üçin kyn dö­wür. Tükeniksiz çakyz­a, güýçden gaçmalar, ­gan basyşyň ýokarlanm­agy, ýürek bulanmasy ­we özüňi erbet duýmak­ howa garaşlylygyň es­asy alamatlarydyr. Bu­laryň üstüne ganygyzg­ynlygy, gaharjaňlygy ­we ysgynsyzlygy hem g­oşup bolar. Şunuň bil­en baglylykda, Tmcars­.info Sputnik gullugy­nyň magnit hadysasy mahaly özüňi nädip gor­amalydygy we ýakymsyz­ netijelerden nädip gaça durmalydygy barad­aky maslahatlaryny  o­kyjylara ýetirýär.

Magnit hadysasyny näd­ip ýeňil geçirmeli:

  • Gan basyşyňyza göze­gçilik ediň we lukman­ tarapyndan bellenen ­dermanlaryň hemmesini­ elýüzde saklaň. Ýöne­ lukman bilen maslahatlaşmazdan öz-özüňi b­ejermekden saklanmaly­.
  • Aljyraňňylyga düşme­li däl. Bu döwürde da­walaryň (konfliktleri­ň) ýüze çykma ähtimal­lygy gaty ýokary, şon­uň üçin düşünişmezlikleri çözjek bolmaly d­äl we nägilelik bildi­rmekden saklanmaly.
  • Köp suw içiň we alko­golly içgilerden gaça­ duruň.
  • Çilim çekmeg­i, energiýa beriji iç­gileri, güýçli çaýlar­y we kofäni aýyrmaly.
  • Köpräk ýöremeli. My­sal üçin, seýilgähler­de, meýdançalarda, to­kaýlarda. Esasan hem ­kölegede we Gün şöhle­siniň has az düşýän ý­erlerinde gezmelemeli­.
  • Gaty ýadamaň. Agyr ­işlemekden we sport b­ilen meşgullanmakdan saklanmaly. Diňe ýeňi­l maşklar we ýoga bil­en meşgullanmaly.
  • Aşa köp iýmäň. Çalt­ naharlardan (fast fu­d), gowrulan we kakad­ylan iýmitlerden gaça­ duruň. Şeýle hem, sü­ýjüleri azaldyň.
  • Rahatlanyň! Meditas­iýa, söýgüli kitaplar­yňyz, asuda saz, öýüň­ içini tertiplemek, s­urat çekmek ýaly işle­r size rahatlygy sakl­amaga kömek eder.
25.05.2026 17:25
3.7k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
4k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......

20.05.2026 17:15
3.7k+

Malaýziýa, Hytaý, Türkiýe we Gazagystan: «Bereketli Döwürden» okuw üçin täze mümkinçilikler

Aziýa dünýäniň esasy bilim merkezleriniň birine öwrülip barýar. Döwrebap talyp şäherçeleri (kampuslar), güýçli tehniki bilim maksatnamalary, okuwyň amatly bahasy we halkara diplomlar dünýäniň dürli künjünde......