Türkmenistanda harytlaryň käbir görnüşleri üçin gümrük paçlary ýatyrylýar

  • 15.05.2021 08:31
  • 24k+

2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan «Türkmenistana getirilende we onuň çäklerinden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary tölenmeýän hem-de gümrük paçlary bellenýän harytlaryň sanawyny we gümrük paçlarynyň möçberlerini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 27-nji iýulynda çykaran 9925-nji kararynyň 2-nji, 3-nji we 4-nji goşundylaryndaky sanawlara girizilmedik, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslaryň – hususy telekeçileriň we fiziki şahslaryň el goşundan başga, Türkmenistanyň çäginden daşary alyp gidýän harytlary üçin, şeýle harytlaryň gümrük bahasynyň ýüzden 2 bölegi möçberde bellenen gümrük pajy ýatyrylýar. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Şeýle hem resminama laýyklykda, döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk ýuridik şahslaryň we ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslaryň – hususy telekeçileriň öz öndüren harytlaryny we önümlerini, şeýle hem döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk ýuridik şahslardan we ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslardan—hususy telekeçilerden, ilatdan satyn alan harytlaryny (çig malyny) eksport etmegi bilen bagly şertnamalar eksport edijiniň islegine görä, birža söwdalaryna gatnaşyp ýa-da gatnaşmazdan baglaşylyp bilner.
Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Döwlet gümrük gullugy, Döwlet haryt-çig mal biržasy Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlap, Ministrler Kabinetine berer.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......