Sian şäherinde «Merkezi Aziýa – Hytaý» döwletleriniň daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygy geçirildi

  • 13.05.2021 19:58
  • 12k+

Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa – Hytaý» döwletleriniň daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygy geçirildi.

HHR-nyň Döwlet geňeşiniň agzasy, Daşary işler ministri Wan I  özüniň giriş sözünde kärdeşleri bilen mähirli salamlaşdy we ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde hem-de ýurtlaryň arasynda köpugurly gatnaşyklary ilerletmekde bu formatyň döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň ähmiýetini nygtady.
Ministrler hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, söwda-ykdysady we maýa goýum, şeýle-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary giňeltmek barada pikir alyşdylar. Ara alnyp maslahatlaşylan ugurlaryň esasylarynyň hatarynda pandemiýa garşy göreşmek hem-de lukmançylyk, saglygy goraýyş we ylym ulgamlarynda özara hereketleri güýçlendirmek meseleleri bardy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda: “Özara hereketlerimiziň esasy, strategiki ileri tutulýan ugurlary hökmünde Türkmenistan parahatçylygy, strategiki we sebit durnuklylygy berkitmek işlerine biziň dostlukly döwletlerimiziň we halklarymyzyň howpsuz hem durnukly ösüşi üçin zerur şertleri üpjün etmäge goldaw bermek hökmünde garaýar” diýip belledi. Ol Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýan özara syýasy gatnaşyklary berkitmegiň ähmiýetini nygtady.
Duşuşygyň netijeleri boýunça resminamalaryň birnäçesi, ýagny «Merkezi Aziýa - Hytaý» döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň duşuşyklarynyň formatyny döretmek hakyndaky Ähtnama, «Merkezi Aziýa - Hytaý» döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň Owganystan boýunça Bilelikdäki Beýannamasy, «Merkezi Aziýa - Hytaý» döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek barada Bilelikdäki Beýannamasy, «Merkezi Aziýa - Hytaý» döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň Covid-19 ýokanjyna garşy göreşmek barada Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.  

Soňra “Merkezi Aziýa – Hytaý” döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygynyň netijeleri boýunça Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň brifingi geçirildi.

düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.6k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......