R.Meredow we S.Berdimuhamedow HHR-iň daşary işler ministri bilen duşuşdy

  • 11.05.2021 17:46
  • 35k+

Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň birinji gününde – 10-njy maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary Gözegçilik edarasynyň Başlygy S.Berdimuhamedowyň HHR-iň Döwlet Geňeşiniň agzasy, daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi.

Hytaýyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy gepleşikleriň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.
Gepleşikleriň barşynda halkara we sebit gün tertibiniň esasy ugurlary, şeýle-de halkara maglumatlary we bilogik howpsuzlygy üpjün etmek bilen bir hatarda, özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara toparyň türkmen tarapyndan Başlygy hökmünde S.Berdimuhamedow iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda gaz, maliýe we maýa goýum hyzmatdaşlygy, saglygy goraýyş ulgamlardaky gatnaşyklary belledi.

Ulag, aragatnaşyk, söwda we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly işjeň pikir alşyldy.
Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmek meselelerini belläp geçdiler.
Mundan başga-da, türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň HHR-iň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.

 

düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.6k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......