Ýyldyrymlaryň atmosferany arassalaýandygy anyklanyldy

  • 09.05.2021 19:48
  • 10k+

Alymlar ýyldyrymlaryň hem-de göze görünmeýän atmosfera elektrik energiýalarynyň köp mukdarda gidroksil (-OH) we gidroperoksil (-HO2) radikallaryny döretmäge ukyplydygyny, ýagny atmosferany arassalaýandygyny görkezdiler. Bu barada nauka.tass.ru habar berdi.

Owadan ýyldyrymdan başga-da, atmosferada göze ilmeýän hem-de kameralarda görünmeýän elektrik täsirleşmeleri hem bolup bilýär. Bu hadysalaryň netijesinde suw molekulalarynyň bozulyp, radikallary emele getirýändigi ýüze çykdy.
Mälim bolşy ýaly, gidroksil radikaly atmosferada möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Mysal üçin, ol himiki reaksiýalary döredýär we bug gaz metany ýaly molekulalary bozýar. -OH atmosferadaky köp üýtgeşmeleriň esasy hereketlendirijisi bolup durýar, emma şeýle-de bolsa, henize çenli onuň esasy çeşmeleri näbelli bolmagynda galýar.
Barlagçylar täze işlerinde 2012-nji ýylda Kolorado we Oklahomanyň üstünden uçan uçarda oturdylan enjam arkaly alnan maglumatlary seljerip, tupan we ýyldyrym sebäpli atmosferada ýüze çykan himiki üýtgeşmeleri öwrendiler. Mundan 9 ýyl ozal barlagçylar bu görkezijilere kän ähmiýet bermediler. Häzir bolsa olara tötänden gidroksil we gidroperoksil radikallarynyň signallarynyň üstünden bardylar.

şu gün 01:03
1.1k+

47 million galaktikadan we kwazardan gelýän ýagtylyk: Älemiň iň jikme-jik 3D kartasy döredildi

Halkara DESI taslamasy Älemiň iň uly we iň jikme-jik üç ölçegli kartasyny düzüp, 47 milliondan gowrak galaktikadan we kwazarlardan düşýän ýagtylygy ýazga aldy....

düýn 23:19
623

Rus alymlary melanomanyň maksatly terapiýasy üçin plýonka döretdiler

ITMO uniwersitetiniň we Kant adyndaky Baltika federal uniwersitetiniň alymlary sagdyn öýjüklere zeper ýetirmezden, deri çişlerine garşy dermanlary maksatly goýbermek üçin material işläp düzdüler....

düýn 14:21
2.5k+

Şalynyň zyýankeş gurçuklary duzaga salmak we öldürmek häsiýetiniň bardygy anyklandy

Arkanzas uniwersitetiniň alymlary şalynyň öz tüýjümek sümmül gurluşyny duzak hökmünde ulanyp, mekge ýapragynyň sowkasyny fiziki taýdan öldürip bilýändigini anykladylar. Bu barada Ecological Processes......

16.05.2026 23:58
2.8k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......