Mask 2020-nji ýylda Tesla-nyň baş müdiri wezipesinde rekord derejede 11 mlrd dollar gazandy

  • 09.05.2021 19:22
  • 13k+

Tesla elektromobil öndürijisiniň esaslandyryjysy we baş müdiri Ilon Mask geçen ýyl, takmynan, 11 mlrd dollar girdeji gazandy. Bu barada “Forbes” žurnaly habar berýär diýip, TASS belleýär.

Žurnalyň maglumatlaryna görä, 2018-nji ýylda Mask hak tölegini nagt däl-de, kompaniýanyň belli bir ösüş görkezijileri gazanylanda paýnama opsionlary bilen almaga razy boldy. Neşiriň hasaplamalaryna görä, 2020-nji ýylda kompaniýa baş müdirine häzirki bahasy 13,3 mlrd dollar bolan paýnamalary satyn almak hukugyny berdi, Mask olary satyn almak üçin 2,3 mlrd dollar sarp etdi. Şeýlelik bilen, Maskyň Tesla-nyň baş müdiri wezipesinde gazanan girdejisi geçen ýyl 11 mlrd dollar boldy, bu onuň ýakyn bäsdeşleriniň görkezijilerinden on esse ýokarydyr, ýagny Paycom kompaniýasynyň ýolbaşçysy Çed Riçison geçen ýyl 211 mln dollar gazandy, 1Life Healthcare kompaniýasynyň baş müdiri Amir Dan Rubin bolsa bary-ýogy 199 mln dollar gazandy.
Şol bir wagtyň özünde neşir Maskyň paýnamalardan gelen girdejini heniz hakyky pula öwrüp bilmeýändigini, sebäbi opsionyň şertlerine görä, Maskyň olara bäş ýyl eýeçilik etmelidigini belleýär. Kompaniýanyň baş müdiri bilen baglaşylan şertnamanyň şertlerine laýyklykda, ähli ylalaşylan maksatlara ýetilen halatynda Mask işi üçin häzirki wagtda bahasy 67,9 mlrd dollar bolan 101,2 mln paýnama satyn alyp biler.
Forbes-iň soňky maglumatlaryna görä, Mask häzirki wagtda dünýäde ikinji baý adamdyr. 164,4 mlrd dollar baýlygy bilen ol diňe Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezosdan (189,7 mlrd dollar) yza galýar.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......