Türkmen Lideri Aşgabada bagyşlanan täze kitabyny ýazyp tamamlady

  • 08.05.2021 08:34
  • 15k+

7-nji maýda geçirilen Ministirler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň çapdan çykandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň bellemegine görä, bu täze kitap Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna sowgat bolar. Kitap baý taryhy maglumatlara eýe bolup, onda Aşgabat şäheriniň dürli döwürleri barada gyzykly wakalar beýan edilýär. Kitapda Aşgabat şäheriniň häzirki keşbi dogrusynda hem okyjylary gyzyklandyrjak maglumatlar köpdür.

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa, wise-premýer M.Mämmedowa we wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa baýramçylyga çenli galan wagtyň içinde “Aşgabat” atly kitabyň tanyşdyryş dabarasyny geçirmegi tabşyrdy.

düýn 23:54
959

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
1k+

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
771

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

düýn 20:40
1.5k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....