Russiýaly oglan dünýäniň iň ýaş kripto milliarderi boldy

  • 07.05.2021 20:07
  • 32k+

"Forbes" neşiri Moskwanyň eteginde doglan 27 ýaşly Witalik Buterini dünýäniň iň ýaş kripto milliarderi diýip mälim etdi. Aýdylmagyna görä, onuň baýlygy 1,09 milliard dollara ýetdi. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Bu ýagdaý Buteriniň döreden "Ethereum" kripto walýutasynyň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli şeýle boldy. Geçen duşenbe güni bu sanly walýutanyň bahasy ilkinji gezek 3000 dollardan geçdi.
Umuman alanyňda, Buteriniň kripto walýuta gapjygynda 333,520 "Ethereum" tokenleri bar.  Gyzykly tarapy, onuň baýlygy 2020-nji ýylyň başyndan bäri, takmynan, 25 esse artdy. Munuň özi onuň "Forbes" tarapyndan şeýle atlandyrylmagyna esas berdi.
Analitikler merkezleşdirilmedik maliýe programmalarynyň (DeFi) barha artýan meşhurlygy sebäpli efiriň ("Ethereum" kripto walýutasy başgaça şeýle atlandyrylýar) gymmatlaýandygyny belleýärler. Ýeri gelende bellesek, merkezleşdirilmedik maliýe programmalarynyň (DeFi) maksady adaty maliýe guramalarynyň, şol sanda banklaryň we ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň ornuny tutmak bolup durýar. 

düýn 20:25
1.9k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......