Hytaýda kafelerde tabakda galdyrylan iýmit üçin jerime salnar

  • 02.05.2021 15:34
  • 13k+

Hytaý halk wekilleriniň ýygnagynyň hemişelik komiteti iýmit galyndylary bilen göreşmek barada kanun kabul etdi. Indi hytaý kafelerinde naharyny doly iýmedik müşderilere jerime salnyp bilner diýip, “Sinhua” agentligine salgylanyp, lenta.ru ýetirýär.

Täze kanuna laýyklykda, azyk hyzmatyny üpjün edijiler aşa köp iýmit galyndysyny galdyrýan müşderilerden galyndy üçin töleg alyp bilerler. Jerimäniň näçe mukdarda boljakdygy we tölegiň nähili alnyp baryljakdygy heniz belli däl.

“Kanun iýmit galyndylaryny kesgitlär we taslamanyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etjek jogapkär edaralary bellär” – diýip, komissiýanyň metbugat sekretary Zanga Teweýýa aýtdy.

Hytaýda iýmit galyndylaryna garşy göreşmek boýunça kampaniýa 2020-nji ýylyň awgust aýynda başlady. Ol “Arassa tabak 2.0” adyny aldy, onuň esasy wezipesi restoranlarda we banketlerde iýilmedik önümleriň mukdaryny azaltmakdan ybaratdyr.
Umumymilli meýdan gözleglerine esaslanýan hasabata laýyklykda, Hytaýda her ýyl, takmynan, 18 milliard kilogram iýmit galyndylary öndürilýär. Ortaça bir adamyň biz gezeklik naharynyň paýyna 93 gram galyndy düşýär, bu sarp edilen iýmitiň umumy göwrüminiň 11,7%-ini emele getirýär.

düýn 23:54
1k+

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
1.1k+

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
841

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

düýn 20:40
1.5k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....