“Time” žurnaly ilkinji gezek iň abraýly kompaniýalaryň TOP-100-ni hödürledi

  • 01.05.2021 13:15
  • 7.1k+

“Time” amerikan žurnaly “Iň abraýly kompaniýalaryň” TOP-100-ni neşir etdi. 1999-njy ýyldan bäri her ýyl dünýäniň iň abraýly adamlaryny atlandyrýan bu neşir ilkinji gezek şeýle reýtingi düzdi. Sanawa, neşiriň redaksiýasynyň pikiriçe, “öňe barýan möhüm ýoly görkezmäge kömek edýän” guramalar girizildi. Bu barada pepelac.news habar berýär.

Tutuş sanaw bäş kategoriýa bölündi: “Ilkinjiler”, “Liderler”, “Innowatorlar”, “Ägirtler” we “Ýumrujylar”. Olaryň hersinde 16-dan 22-ä çenli kompaniýa bar. Şeýlelik bilen, “Ilkinjiler” kategoriýasynda aktrisa Riz Uizerspun tarapyndan esaslandyrylan amerikan media kompaniýasy Hello Sunshine birinji orny eýeledi. “Liderler” kategoriýasynda Milli basketbol assosiasiýasy birinji boldy. Bu ýerde Apple korporasiýasy, Delta awiakompaniýasy, amerikan Walgreens dermanhana ulgamy, farmaseptik kompaniýalary Pfizer we BioNTech, sport eşiklerini we aýakgaplaryny öndüriji Nike hem bar.
“Innowatorlar” kategoriýasynda analitik kompaniýasy Gro Intelligence öňdebaryjy hökmünde ykrar edildi. Şeýle-de, sanawa Moderna biotehnologiki kompaniýasy, wideo oýunlaryny we konsollary öndüriji Nintendo, striming hyzmaty Netflix we beýlekiler girdi. General Motors awtomobil konserni “Ägirtler” kategoriýasynda birinji orny eýeledi. Sanawda Alibaba söwda kompaniýasy, Facebook sosial ulgamy, Disney media kompaniýasy hem bar. “Ýumrujylar” kategoriýasynda bolsa birinji orun genetiki dürlülik ulgamyny işläp düzmek bilen meşgullanýan Illumina kompaniýasyna degişli boldy. Onuň yzyndan Huawei, Tesla we OnlyFans mazmun abuna hyzmaty gelýär.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......