2021-nji ýylyň başynda haýsy “iPhone” dünýäde has meşhur boldy?

  • 25.04.2021 19:58
  • 11k+

Consumer Intelligence Research Partners  (CIRP) kompaniýasynyň hünärmenleri 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde haýsy smartfona iň köp isleg bildirilendigini görkezýän barlag geçirdiler. Onuň netijesinde, ýylyň başynda iň köp isleg bildirilen smartfonyň, garaşylyşy ýaly, täze «iPhone 12» däldigi anyklanyldy. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Adatça, “Apple”-iň smartfonlarynyň ähli modelleriniň täze tapgyry hemişe uly meşhurlykdan peýdalanýar. Ýeke-täk kadadan çykma hökmünde hünärmenler "iPhone 12 mini" modelini görkezýärler. Onuň satylyşy hatda "iPhone SE" we "iPhone XR" modellerinden hem pes boldy.
“Apple”-iň iň köp satylan smartfony barada aýdylanda bolsa, “iPhone 11” henizem öňdeligi özünde saklaýar. Bu smartfon soňky çärýekde ABŞ bazarynyň 24 göterimini eýelemegi başardy diýip, "MyDrivers" habar berýär. Iň soňky hasabata görä, “iPhone 11” we “iPhone SE 2020” modelleri bazara liderlik etdiler. Olar 2020-nji ýylda iň köp satylan iki model boldy diýip, çeşme habar berýär.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......