Awstraliýalylar aýlyklaryny bitkoinde alyp başlar

  • 25.04.2021 18:06
  • 10k+

Awstraliýa ýurtda kriptografik walýutalaryň ulanylyş gerimini barha giňeldýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurtda aýlyk hakyny bitkoin arkaly hasaplaşmaga mümkinçilik berýän täze hyzmat işe girizildi. Bu barada "Crypto New Media" habar berdi.

Awstraliýaly işçiler indi aýlyklarynyň bir bölegini bitkoinlerde alyp bilerler. Bu hereketiň ýurtda bitkoin satyn almagyň tizligini ýokarlandyrmaga kömek etjekdigine umyt bildirilýär.
Ýakynda ýokary tizlik bilen ösen bazar bitkoin edinmek isleýän höwesjeňleriň ençemesini özüne çekdi. Bitkoin soňky 6 aýda bahalaryň astronomiki ýokarlanmagyny başdan geçirdi, munuň özi institusional maýadarlar tarapyndan görlüp-eşidilmedik goldawyň berilmegine itergi boldy. Indi awstraliýaly işçiler ýüze çykan ýagdaýdan peýdalanyp, tölegleriniň bir bölegini kompaniýanyň hyzmatlary arkaly bitkoinlere öwrüp bilerler diýip, çeşme belleýär.

şu gün 16:51
330

Aziýa baýlarynyň sanawy üýtgedi: Gautam Adani Mukeş Ambaniden öňe geçdi

Hindistanly işewür Gautam Adani Aziýanyň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Bloomberg-iň täze indeks maglumatlaryna görä, ol dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 19-njy orny eýeleýär....

şu gün 16:03
406

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

şu gün 13:45
4.5k+

Türkmenistanyň birnäçe etrabynda häkimleriň orunbasarlarynyň wezipä bellenilmegi tassyklanyldy

24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda kadr üýtgeşmeleri barada birnäçe Karara gol çekdi. Kararlar welaýat we etrap......

şu gün 13:39
4k+

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe etraplaryň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleri geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Mary we Lebap welaýatlarynyň etraplarynyň ýolbaşçylygyndaky üýtgeşmeler hakynda birnäçe Permana gol çekdi....